Rahmon we Kemeron Täjigistan bilen Britaniýanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar

09:5023.04.2024
0
4613
Rahmon we Kemeron Täjigistan bilen Britaniýanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Surat: report.az

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Beýik Britaniýanyň daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministri Dewid Kemerony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, täjik habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report.az» neşiri habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan kanagatlanma bildirdiler.

Täjigistan bilen Britaniýanyň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni-gumanitar ugurlarda gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, Parlamentara gatnaşygy giňeltmeklige üns çekildi. Patyşalygyň Täjigistanyň dag-magdan, metallurgiýa, ýeňil, azyk, derman we oba hojalyk pudaklaryna maýa goýum goýmagynyň zerurlygy nygtaldy diýlip, habarda bellenýär. «Ýaşyl» energetika, zähmet migrasiýasy, howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kemeron Merkezi Aziýa we Täjigistan boýunça saparlaryna başlady. Ol Gyrgyzystana resmi sapar bilen barar.

Düýn Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ilkinji resmi sapar bilen Italiýa we Watikana bardy diýip, TASS habar berdi.

Täjigistan bilen Italiýanyň arasynda umumy haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 12,5 göterim artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň