Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabyndaky pagta egriji fabriginde 25 million manatlyga golaý önüm öndürildi

09:1323.04.2024
0
4215

Dokma senagaty ministrliginiň Gökdepe etrabyndaky pagta egriji fabriginde öndürilýän nah ýüplükler dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olara isleg hem barha artýar. Bu bolsa kärhananyň işçi-hünärmenlerini joşgunly zähmete ruhlandyryp, önümçiligi bökdençsiz alyp barmaga hem-de aýba-aý önümçilik meýilnamalaryna hötde gelmäge şert döredýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bu ýerde 24 million 948 müň 400 manatlyk önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 111,5 göterim ösüş gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň