Türkmenistanyň Prezidenti halkara hokkeý ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenlerine we tälimçilere hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi

00:0422.04.2024
0
7142

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de sportuň hokkeý görnüşi boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň bir toparyna, degişlilikde, «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi», şeýle-de «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly atlar dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama metbugatda dolulygyna çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň