BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy

12:1120.04.2024
0
15903

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) adamdan adama geçmäge ukyply H5N1guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda, täze ählumumy ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy. BSGG-niň Başlygy Jeremi Farrar ýokanjyň bu görnüşiniň ölüm howplulygynyň soňky aýlarda çakdanaşa ýokary bolandygyny habar berdi.

Bu barada «The Daily Star» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Aýratyn-da wirusyň ördeklere we ördek jüýjelerine ýokuşýandygy, indi bolsa köp halatda süýdemdirijilere hem ýokuşyp başlandygy, netijede, onuň özgerip, adamlara ýokuşmak ukybyny artdyrýandygy biynjalyk edýär. Iň möhüm mesele, şunda onuň adamdan adama geçmek mümkinçiligi diýip, hünärmen nygtady.

Farraryň sözlerine görä, guş dümewi soňky iki ýylyň içinde haýwanlaryň arasynda tiz ýaýrady. Ol guramanyň, eger geljekde wirusyň adamlaryň arasynda ýaýramak ukyby ýüze çykarylan halatynda, işjeň hereketlere geçjekdigini belledi. Şunda täze ýokançdan goranmagyň iň esasy usuly sanjym bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň