Türkmenistan halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirýär

10:3020.04.2024
0
13968

19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bellenilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gadymy halylaryň özboluşly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurduň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Haly önümleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek, milli öwüşginleri aýawly saklamak, içerki we daşarky bazarlaryň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Serdar Berdimuhamedowyň hasabaty diňläp, halkyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini, ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde uly tagallalar edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň