ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi

09:4320.04.2024
0
9512
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi
Surat: 24.kz

Amerikada dünýäde iň gymmat robot-gumanoidi döretdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Onuň bahasy 2,5 milliard dollara deň.

Adampisint maşynyň aýratyn taraplarynyň biri – öýde hysyrdyly işleri ýerine ýetirmäge we ýöremäge mümkinçilik berýän, çeýe hereket edýän bogunlarydyr.

Mysal üçin, akylly enjam öýi arassalamaga we gap-gaçlary ýerleşdirmäge ukyplydyr. Oňa emeli aňyň öňdebaryjy mümkinçilikleri ornaşdyryldy, netijede, enjam sesleri, şekilleri we ýazgyny tanamagy başarýar. Ol şeýle-de pikirlenýär, wakalary ýatda saklaýar hem-de adamlar bilen gepleşýär.

Geljekde robot-gumanoid işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözer diýip, döredijiler belleýärler. Täze tapyndy üçin eýýäm «Microsoft» we «Open AI» kompaniýalary maýa goýmaga isleg bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň