Prezident 1941 --- 1945-nji ýyllaryň uruş we zähmet weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy

03:1020.04.2024
0
10752

Türkmenistanda 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurtda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilip geçilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada, şol sanda olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça ähli tagallalar edilýär.

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik we medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanylyp, Ýeňiş güni mynasybetli olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda pul serişdeleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Döwlet Baştutany uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurtda zähmet çeken enelere 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň