"Rysgal" PTB-niň şahsy taraplar üçin niýetlenen “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

02:5520.04.2024
0
16058

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow ýurtda karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, hasabatda ýurtda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň zerur bolup durýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň