Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy

16:2419.04.2024
0
10689

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi pudagyň halkara ähmiýetli meseleleri boýunça anyk çözgütleri kabul etmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

18-nji aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistana gurama tarapyndan taýýarlanan ýörite ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygyny yglan etdi. Ol Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň taýýarlan ýadygärlik nyşanyny «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa gowşurdy. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu waka Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Türkmenistanyň demir ýol pudagynda gazanan ajaýyp netijelerine, belent sepgitlerine berlen ýokary bahanyň beýanyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň