Türkmenistanda ýyladyşhanlar üçin täze sanitariýa kadalary tassyklandy

15:5019.04.2024
0
14025

Türkmenistanda ýyladyşhanalaryň, ýyladyşhana hojalyklarynyň gurnalyşyna we ulanylyşyna bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary tassyklanyldy. Täze resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde 1785 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Resminamada işçiler üçin ýörite eşikler we şahsy gorag enjamlary, işleri we sarp ediş hyzmatlaryny guramagyň düzgünleri görkezilýär. Aýry-aýry bölümlrr daşky gurşawy goramak we ýyladyşhana işgärlerine lukmançylyk kömegini bermek talaplaryna bagyşlanýar.

Täze Döwlet sanitariýa kadalarynyň talaplary eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegi hökmanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň