Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy

15:3419.04.2024
0
10586
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Surat: ren.tv

Daşary ýurt meşhur taksi hyzmaty gulluklarynyň biri ýolagçylaryň taksilerde galdyrýan adaty bolmadyk zatlarynyň sanawyny çap etdi diýip, «Ren.tv» ýazýar.

Ilkinji 50-lige pyşbaga, syýasatçy zenan Hillari Klintonyň suraty, aýdymçy Teýlor Swiftiň gol çeken çarçuwaly suraty, alakanyň ystyhany (skeleti) girdi.

Sanawda şeýle hem restling boýunça gara guşak, Beýonseniň eplenýän ýelpewajy, ustrisaly guty we tüssä ýatyrylan doňuz döşi bar.

Taksi hyzmaty gullugy iň huşsuz ýolagçylaryň, esasan, ABŞ-nyň Maýami, Los-Anjeles, Atlanto we Hýuston şäherlerinde ýaşaýandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň