Soňky habarlar

Arhiw

Angolanyň täze bellenen ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi

10:0819.04.2024
0
7933

18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda halkara işleridir başlangyçlaryna özara goldawyň ähmiýetini bellediler.

Pursatdan peýdalanyp ministriň orunbasary Angola Respublikasynyň ilçisine 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda Ilçi Auguştu da Silwa Kunýa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we diplomatik işiniň dowamynda Türkmenistan bilen Angolanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek we berkitmek üçin ähli tagallalary ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda ministriň orunbasary türkmen tarapynyň ilçä diplomatik işinde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň