Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Nýu-Ýorkda geçirilen durnukly ulag boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşdy

13:4618.04.2024
0
7764

17-nji BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş hepdesiniň çäklerinde durnukly ulag boýunça ýokary derejeli ýygnak geçirildi.

Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli ýygnagyň dowamynda durnukly ulag ulgamynyň ykdysady, durmuş we ekologiýa babatdaky deňagramlylygyny saklamak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek maksady bilen durnukly ulag ulgamynyň artykmaçlyklaryndan doly peýdalanmak boýunça çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň ýokary derejeli ýygnagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we anyk ädimleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar ulag-logistika pudagyndaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň usullary, bu ulgamdaky sebitleýin we ählumumy böwetleri peseltmegiň ýollary we BMG-ä agza ýurtlaryň ulag ösüşi babatyndaky başlangyçlaryny öňe sürmek babatynda özara pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň