Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük daşamagyň mukdaryny artdyrdy

12:4011.04.2024
0
15075

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Bu barada mmf.com.tm saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylyň degişli döwründe ýük dolanyşygy 236,096 mln.tn.km. deň boldy. Bu 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 4,2% ýokarydyr. Şeýle hem ýanwar — mart aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 188,0% ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylyň degişli döwründe ýolagçy dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 44,5% ýokarlandy we 1,910 mln.ýolag.km bolup, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 355,0% boldy.

Daşalan konteýnerleriň sany 1879 TEU, ösüş depgini 184,4% deň boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň