Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýyllyk meýilnama 10 aýa galman berjaý edildi. Bu ýerde ýylyň dowamynda bu ýerde 1 million 870 müň manatlyk önüm öndürmek meýilleşdirilen bolsa, häzire çenli onuň mukdary 2 million 500 müň manatlykdan hem geçdi. Munuň özi ýylyň ahyryna çenli önümçilik meýilnamasynyň iki esse çemesi ýerine ýetiriljekdigini görkezýär.
Zawodda diňe welaýatyň çäginde işledilýän oba hojalyk tehnikalary üçin däl, beýleki sebitlerimizde işledilýän tehnikalar üçin hem ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar. Önümleriň hili olaryň asyl nusgasynyň hiline barabar. Bu babatda barha baýlaşdyrylýan tejribe bolsa hile dahylly işleri geljekde has-da ýokarlandyryp boljakdygyny görkezýär.
Şu günler bu kuwwatly kärhanada pagta ýygymynda we bugdaý ekişinde ulanylýan dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlaryny abatlamak we täzesini ýasamak boýunça buýurmalar bökdençsiz ýerine ýetirilýär.