Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Marsda daş «diňler» hasaba alyndy

15:0908.06.2022
0
1334
Marsda daş «diňler» hasaba alyndy
Surat: NASA, JPL-Caltech, MSSS

«Curiosity» marsgezeri Gyzyl planetadaky adaty bolmadyk geologiki emele gelmeleriň suratyny iberdi. Olar, alymlaryň aýtmagyna görä, daş «diňler» bolmak bilen, asmanda görünmeýän küýzeden akýarka doňan suwy ýatladýar. Bu barada «Science Alert» habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Diňler Geýliň krateriniň çägelikleriniň we harsaňlarynyň arasynda ýerleşýär. Alymlar onuň semente meňzeş jisimdendigini anykladylar.

Şeýle diňleriň Ýerde-de bardygy belli boldy. Olar «hudu» diýen at bilen bellidir we eroziýa netijesinde emele gelýän inçejik iňňe gaýalara meňzeýär. Hudu adatça gurak ýerlerde, meselem, Ýuta kanýonynda we günorta Serbiýada duşýar. Olaryň boýy kähalatda on gatly binalaryň boýuna ýetip bilýär.

Alymlar Marsdaky diňleriň ýeterlik derejede berkdigini belleýärler, olar Gyzyl planetadaky çylşyrymly şertlere çydamlydyr. Diňler Marsyň geologiýasyna we onuň ýaşaýyş üçin ýaramly bolup biljekdigine düşünmäge kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň