Turkmenportal logo
Yesterday 14:20
99649964
Share on social networktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandyň Premýer-ministrine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk gowşuryldy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri Anutin Çarnwirakul bilen duşuşyp, oňa özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy gowşurdy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Çakylyk Tailandyň Patyşasy Maha Waçiralongkornyň doglan güni mynasybetli Bangkok şäherindäki Patyşalyk hökümetiniň kabul ediş jaýynda geçirilen döwlet kabul edişliginiň dowamynda gowşuryldy. Bu dabara türkmen diplomaty hem gatnaşdy.

Metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Onuň Alyhezretleri Patyşa Maha Waçiralongkorna gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, Tailandyň Premýer-ministri gutlaglar we çakylyk üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.