Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we “Aba Annaýew” adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly sirk çykyşyny Size hödürleýar. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00 - da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.