Turkmenportal logo

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Kurum Hakkında

Türkmen döwlet lukmançylyk instituty 1931-nji ýylda döredildi. 2010-njy ýylyň  27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen institut Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti diýlip üýtgedildi. 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri bolsa uniwersitet Myrat Garryýewiň adyny göterýär.             Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir.                               Häzirki döwürde talyplar 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen, halkara ülňülerine laýyk gelýän, täze binalar toplumynda okap bilim alýarlar. Bu täze okuw toplumynda talyplary okatmak, ylmy barlaglary geçirmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilen.                                                                                            

Uniwersitetiň döredilmegi bilen onuň düzüminde täze fakultetler we hünärler açyldy hem-de kliniki binýatlar girizildi: sport lukmançylygy fakulteti we Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi (2011 ý.), harby lukmançylyk we diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetleri (2012 ý.), Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi (2013 ý.), kesel bejeriş fakultetiniň düzüminde Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk hünäri (2014 ý.), Harby lukmançylyk fakultetiniň düzüminde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi hünäri we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi (2015 ý.), Kesel bejeriş fakultetiniň düzümine ýene-de bir täze Lukmançylyk-durmuş goragy işi hünäri (2018 ý.) Dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti (2021 ý.)girizildi.

  Häzirki döwürde uniwersitetiň gurluşyna 8 sany fakultet, 57 sany kafedra, Göz keselleri ylmy-kliniki, Stomatologiýa okuw-önümçilik, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy, Ylmy-barlag, Lukmançylyk biotehnologiýasy, Sport lukmançylygy, Habar beriş–hasaplaýyş merkezleri, Talyplar sport kluby, Elektron kitaphana, Okuw, Okuw-usuly, Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş hem-de Aspirantura bölümleri girýär. 

Fakülteler ve Bölümler

  • Kesel bejeriş fakulteti (6 ýyl)
  • Pediatriýa fakulteti (6 ýyl)
  • Farmasewtika fakulteti (5 ýyl)
  • Stomatologiýa fakulteti (5 ýyl)
  • Keselleriň öňüni alyş fakulteti (6 ýyl)
  • Dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti (6 ýyl)
  • Harby lukmançylyk fakulteti (6 ýyl)
  • Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti

Bileşim

(+99312) 48-98-51

(+99312) 48-98-73

tdlutm@tdlu.edu.tm

744000 Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 18-nji bina