Turkmenportal logo
Düýn 17:39
99329932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň döwlet gullukçylary üçin okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga taýýardyr

Hindistan Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin ykdysadyýetiň esasy pudaklary boýunça ýörite taýýarlyk maksatnamalaryny döretmäge taýýardyr. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan ITEC güni mynasybetli geçirilen çärede žurnalistlere beýan etdi.

«Biz ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny, ilkinji nobatda Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin aýratyn taýýarlyk okuw kurslaryny işläp düzüp bileris. Bu maksatnamalar nebit we gaz, himiki dökünler, saglygy goraýyş, derman serişdeleri, bilim ýa-da beýleki islendik ugurlary öz içine alyp biler» — diýip, diplomat nygtady.

Onuň sözlerine görä, ITEC maksatnamasy 1964-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar we 160 ýurtdan 225 müňden gowrak döwlet gullukçysyny birleşdirdi. Okuwlar Hindistanyň 120-den gowrak öňdebaryjy bilim edaralarynyň binýadynda geçirilýär. Türkmenistan bu maksatnamanyň işjeň gatnaşyjysy bolup, şu wagta çenli oňa 500-den gowrak türkmen döwlet gullukçysy we takmynan 100 harby gullukçy gatnaşdy. Mundan başga-da, 200-den gowrak talyp Hindistanyň hökümetiniň doly maliýe goldawy bilen ýokary bilim aldy.

Ilçi türkmen jemgyýetiniň hindi medeniýetine — filmlere, tanslara, aýdym-sazlara, ýoga, aýurweda we hindi diline uly gyzyklanma bildirýändigini hem belläp geçdi. «Aşgabat şäher häkimliginiň ýanynda ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezi hereket edýär. Şeýle-de biz ýanwar aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dili burçuny, hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde aýurweda otagyny açdyk», — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Wilsonbabunyň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda Aşgabada hindi dili we aýurweda sapaklaryny geçmek üçin hindistanly hünärmenleri ibermek meýilleşdirilýär.