IDEA+ topary Belarus Respublikasynyň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänler üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň başlanandygyny yglan etdi. Hünärmenler dalaşgärlere laýyk okuw ugruny saýlamaga, zerur resminamalary taýýarlamaga hem-de Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek prosesinden geçmäge kömek berýärler.
IDEA+ wekilleriniň bellemeklerine görä, maslahat bermegiň maksatnamasy daşary ýurtlarda ýokary hilli bilim almak we halkara derejede zähmet ýoluny guramak isleýän talyplara gönükdirilendir. Dalaşgärlere olaryň gyzyklanmalaryny we akademiki mümkinçiliklerini nazara alyp, hünäri we uniwersiteti saýlamak boýunça kömek berilýär.

Maksatnamanyň hyzmatdaşlyk edýän uniwersitetleriniň hatarynda:
Belarusyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
Belarusyň döwlet tehnoligiki uniwersiteti
Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersiteti
Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersiteti
Brestiň A. S. Puşkin adyndaky döwlet uniwersiteti
Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Belarusyň daşary ýurt dilleri döwlet uniwersiteti
Belarusyň milli tehniki uniwersiteti

Bu ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, emeli aň, ykdysadyýet, inženerçilik, daşary ýurt dilleri, hukuk, mugallymçylyk we ynsanperwer ylymlar ýaly talap edilýän okuw ugurlary hödürlenýär.
IDEA+ ofisi Aşgabat şäherinde şu salgyda ýerleşýär: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108, «Joşgun» söwda merkezi, 3-nji gat.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar:
(+993 71) 51 84 37 we (+993 71) 55 04 85
E-poçta: idea.mm005@gmail.com
Şeýle hem guramanyň sosial ulgamlardaky sahypasy arkaly maglumat alyp bolýar.