Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda ýaş eminleri ýüze çykarmak we taýýarlamak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge başlady. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Institutyň okuw binasynda seminara badalga berildi. Oňa futbol emininiň ýoluny saýlan takmynan 30 talyp gatnaşýar. Eminlik hünäriniň nazary we amaly esaslaryny olara TFF-niň Eminler bölüminiň müdiri Çarymyrat Gurbanow, federasiýanyň futzal boýunça hünärmeni, UMBRO Futsal Awards boýunça 2011-nji ýyldaky «Iň gowy emin» baýragynyň eýesi Wadim Baratow, şeýle hem institutyň mugallymy, halkara derejeli emin Kakabaý Seýidow bu ugruň inçe syrlaryny öwredýärler.
Okuw tamamlanandan soň ýaş hünärmenler ýurduň futbol çempionatynyň oýunlaryna, Türkmenistanyň Kubogynyň duşuşyklaryna, şeýle hem Naýbaşy futzal ligasynyň oýunlaryna eminlik etmäge hukuk gazanarlar.