Turkmenportal logo
Şu gün 00:52
1918019180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jidda bolan gatnawlary wagtlaýynça çäklendirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji martdan 4-nji mart aralygynda Aşgabat – Dubaý we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilmegini wagtlaýynça saklady. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli togtadylýandygy barada habar berýäris:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat

• Aşgabat — Jidda — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiapeteklerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler» diýlip, habarda bellenilýär.

Awiakompaniýa ýolagçylara gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary turkmenistanairlines.tm saýtyndan yzarlamagy maslahat berýär.