Braziliýanyň «Santos» klubunyň hüjümçisi Neýmar 2026-njy ýylyň dekabr aýynda özüniň futbol oýnuny tamamlamagynyň mümkindigini aýtdy. Futbolçy bu barada Braziliýanyň «Caze» teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi.
«Indi näme boljagyny bilemok. Belki, dekabrda futbol oýnamagymy tamamlamagym mümkin. Şeýdip ýyldan ýyl aşyp gelýärin» - diýip, 33 ýaşly hüjümçi belledi.
Mundan ozal Neýmar «Santos» kluby bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldypdy. Oýunçynyň sözlerine görä, şu ýyl onuň üçin aýratyn ähmiýetli bolup durýar — bu hem kluby üçin çykyş etmekde, şeýle hem futbol boýunça dünýä çempionatynda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda oýnamagy umyt edýänligi bilen baglanyşyklydyr.