Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
B.Motyýewa wise-premýer wezipesine 2024-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenildi we ol Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.