Turkmenportal logo
Düýn 11:03
1336413364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Italiýada geçirilen halkara jiu-jitsu ýaryşynda üçünji orny eýeledi

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Italiýanyň Genuýa şäherinde geçirilen reýtingli halkara jiu-jitsu ýaryşynda 18 medal gazandy. Bäsleşigiň jemleri boýunça türkmen türgenleri umumy medal sanawynda 7 altyn, 6 kümüş we 5 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler.

Ýaryşa dünýäniň 30 ýurdundan 450-den gowrak türgen gatnaşdy.

Milli ýygyndy toparyň düzüminde ýurduň dürli okuw mekdeplerinden 18 türgen çykyş etdi. Altyn medallara Norjew Soltanmyrat (56 kg), Rahmanow Şyhberdi (62 kg), Öwezow Yslam (69 kg), Taganow Rahmet (77 kg), Gökbeýewa Suraý (57 kg), Abdyýewa Hurma (52 kg) we Ýollyýew Eziz (85 kg) mynasyp boldular.

Kümüş medallary Röwşenow Baýram (56 kg), Kullyýewa Aýnur (48 kg), Nuryýew Süleýman (62 kg), Amanmyradow Annagurt (77 kg), Dowwaýew Seýran (85 kg) we Esenow Gudrat (69 kg) gazandylar.

Bürünç medallara Kullyýewa Aýnur (Ne-waza), Garajaýew Abdyrahman (56 kg), Kulyýew Daýanç (77 kg), Rahmanow Parahat (62 kg) we Myradow Bagtyýar (85 kg) mynasyp boldular.

Medal sanawynyň lideri 17 altyn, 14 kümüş we 19 bürünç medal bilen jemi 50 baýrak gazanan Italiýanyň ýygyndy topary boldy. Ikinji orny bolsa 7 altyn, 10 kümüş we 8 bürünç medal bilen jemi 25 baýrak gazanan Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi.