Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu häzirki möwsümiň ahyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubyny terk etmegi mümkindir. Bu barada Portugaliýanyň Record neşiri habar berýär.
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 40 ýaşly hüjümçisi Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Riýad» toparyna garşy geçirilen we onuň toparynyň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanan oýny sypdyrdy. Neşirde berilýän maglumatlara görä, gitmeginiň mümkin bolan esasy sebäbi Ronaldunyň Saud Arabystanynyň Garaşsyz maýa goýum gaznasynyň (PIF) kluby dolandyrmakdaky hereketlerinden nägile bolmagydyr.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, portugaliýaly futbolçy gaznanyň bäsdeş «Al-Hilal» klubyna has köp üns berýändigini hem-de «Al-Nasr» toparynyň transferlerine bilkastlaýyn päsgelçilik döredýär diýip hasaplaýar. Bu ýagdaý bolsa toparyň çempionlyk ugrunda göreşmegine päsgel berýär. Ozal Ronaldu Karim Benzemanyň «Al-Hilal» klubyna geçmegine garşy çykyş edip, munuň bäsdeşlige zyýan ýetirýändigini aýdypdy.
Futbolçy Saud Arabystanynda futbolyň ösüşine goşan goşandyny göz öňünde tutup, özüne has köp hormat goýulmalydyr diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Kriştianu Ronaldu Ýewropa dolanmak ýa-da MLS ligasynyň klublarynyň birine geçmek mümkinçiliklerini öwrenýär.
Hüjümçiniň «Al-Nasr» bilen baglaşan şertnamasynda 50 million ýewro möçberinde razylyk tölegi göz öňünde tutulýar. Geljek barada gutarnykly karar iýun aýynda kabul edilip bilner.