Ispaniýanyň Moskwadaky ilçisi jenap Rikardo Martineziň ýolbaşçylygynda wekiliýet Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri bilen duşuşdy.
Ilçi türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de mähirli garşylama üçin minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, hem-de plastik zyňyndylar boýunça ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Assambleýasynda öňe süren Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

