Turkmenportal logo
Şu gün 09:27
227227
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türki dünýäsiniň asyry: raýdaşlykdan integrasiýa tarap

Umumy taryhymyzdan bize galan kökleri çuň miras bilen bilelikdäki geljegimizi kemala getirmek erkimiz öz iň güýçli beýanyny türki dünýäsiniň agzybirliginde tapýar. Doganlyk halklarymyz asyrlar boýy dürli sebitlerde ençeme synaglardan geçdiler. Olary birleşdirýän köňül köprülerine bolsa şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki syýasy, ynsanperwer, ykdysady we medeni raýdaşlygymyzyň berk binýady hökmünde daýanýarys. Biziň hemmämiziň üstümize taryhy jogapkärçilik düşýär: türki dünýäsiniň ägirt uly mümkinçiliklerini umumy maksatlara gönükdirmeli, anyk netijeler arkaly agzybirligimizi pugtalandyrmaly we geljekki nesillere has kuwwatly türki dünýäsini miras galdyrmalydyrys.

Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitini Ankarada «Türki asyr: dilde, pikirde, işde birlik» mowzugy bilen geçireris. Bu duşuşyga uly ähmiýet bermegimiň sebäbi onda umumy erkimiziň has-da berkejekdigidir. Sammit bilen birlikde nobatdaky başlyklygy eziz Azerbaýjandan biz kabul edip alarys. Bu wezipäni türki dünýäsiniň umumy maksatlaryna ýetmegi hem-de Guramamyzyň institusional kuwwatynyň artmagy üçin biziň paýymyza düşýän taryhy jogapkärçilik hasaplaýaryn.

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň işine ugur görkezýän ylhamy Ysmaýyl Gaspyralynyň bize miras galdyran agzybirlik taglymyndan alýarys. Umumy taryhymyzyň we medeniýetimiziň berýän güýji bilen Nahçywanda düýbi tutulan Guramamyzyň täsiri günsaýyn artýar. Indi edilmeli iş doganlygymyzy geljekki nesillere ýetirjek kuwwatly institutlar bilen berkitmekdir. Umumy erkimizi taslamalar arkaly uzak möhletli üstünliklere öwürmegiň hem wagty geldi.

Düýpli özgerişlikler dünýä syýasatyny täzeden şekillendirýär. Halkara ulgamy adalaty we ynamy üpjün etmekde kynçylyk çekýär, uruşlar hem-de çökgünlikler bolsa giň sebitlere täsir edýär. Şu şertlerde türki döwletler üçin raýdaşlyk strategik zerurlykdyr. Iň agyr synaglary ýeňip geçmäge we öz geljegini kesgitlemäge umumy erkiň daşynda jebisleşen türki döwletleriň güýji ýeterlikdir. Agzybirligimizi her bir doganlyk ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we milli erkini hormatlamak esasynda gurýarys. Onuň ösmegine umumy gymmatlyklarymyz bilen deň hatarda özara ynam we bähbitler hem daýanç bolar.

Öňümizdäki döwürde Guramamyzyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlarynyň hatarynda türki dünýäsiniň ykdysady taýdan bitewüleşmegi bar. Munuň üçin taryhy mümkinçilik Hazar deňziniň üstünden geçýän Gündogar–Günbatar Orta geçelgesi arkaly açylýar. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda täzeden kemala gelýän häzirki döwürde dünýä ulag we logistika torlarynyň möhüm merkezleriniň biri türki ýurtlaryň ýerleşýän sebiti bolup biler. Ösdürýän bitewi ulgamymyzda demir ýollarymyz, portlarymyz, awtomobil ýollary arkaly baglanyşyklarymyz we gümrük ulgamlarymyz biri-biriniň üstüni ýetirýär. Doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň giňelmegine hem-de umumy abadançylygymyza Hazar deňziniň iki kenaryny birleşdirýän her bir maýa goýum goşant goşar.

Türki maýa goýum gaznasynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak arkaly bu maksada tarap öňe gideris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda päsgelçiliklerini bilelikdäki tagallalarymyz bilen aradan aýrarys, önümçilikde we maýa goýumlarda birek-biregimiziň kuwwatyny artdyrarys. Energiýa serişdelerimiziň, gaýtadan dikeldilýän energiýa mümkinçiliklerimiziň we aragatnaşyk infrastrukturamyzyň umumy maksatlara ýetmekde iň ýokary netijelilik bilen ulanylmagyny üpjün ederis. Önümçilikde, söwdada we tehnologiýada gazanan üstünliklerimizi bilelikde artdyrmak maksady bilen türki dünýäsiniň ähli künjeklerindäki mümkinçilikleri şol bir ugra gönükdireris.

Howpsuzlyk ulgamynda hem ykdysadyýetde döreden raýdaşlygymyza mahsus tutanýerlilik bilen iş alyp barýarys. Bilelikde hereket etmek ukybymyzy ösdürmek üçin terrorçylyga, serhetüsti jenaýatçylyga, kiberhowplara we tebigy betbagtçylyklara garşy mümkinçiliklerimizi birleşdireris. Goranyş senagatynda bilelikdäki önümçilik kuwwatymyzyň artmagyny bolsa tejribelerimizi birleşdirmek hem-de ýerli we milli tehnologiýalarymyzy ösdürmek arkaly üpjün ederis.

Umumy siwilizasiýa degişlidigimize düşünmek agzybirligimize iň gymmatly daýanjy berýär. Şol bir beýik siwilizasiýanyň geografik çäklerden aşýan baýlygy Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetinde, Alyşir Nowaýynyň kelamynda, Nyzamy Genjewiniň irfanynda, Magtymguly Pyragynyň setirlerinde, Ýunus Emräniň köňül dilinde we Çingiz Aýtmatowyň galamynda şöhlelenýär. Bularyň her biri şol baýlygyň geljegine ýagtylyk saçýan nyşandyr.

Medeni taýdan ýakynlaşmak ýolunda umumy türki elipbiýi babatda görkezen erkimiz bilen taryhy ädim ätdik. Bu başlangyjy has-da ilerletmek üçin bilim, ylym, neşirýat we sanly tehnologiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy ösdüreris. Doganlyk ýurtlarda bilim almaga ýaşlarymyzy höweslendireris; uniwersitetlerimiziň we alymlarymyzyň bir ýere jemlenmegini üpjün ederis. Emeli aň döwründe türki dilleriň özüne mynasyp orun eýelemegini hem üpjün ederis. Türki dünýäsiniň geljegini bilelikde kemala getirmek üçin bilimimizi, toplan tejribämizi we mümkinçiliklerimizi birleşdireris.

Islendik şertde doganlygymyza eýe çykmak hem-de birek-biregimiziň hak-hukuklaryny goramak kökleri çuň bolan bu siwilizasiýanyň biziň üstümize ýükleýän borjudyr. Türki dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan Kipr türk halky bilen raýdaşlygymyzyň dowam etmegine hem şu düşünje esas bolýar. Biziň üçin Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Guramamyzdaky synçy derejesiniň açýan mümkinçiliklerini giňeltmek we onuň doganlyk ýurtlar bilen baglanyşyklaryny berkitmek aýratyn ähmiýete eýedir. Aýgytly garaýşymyz üýtgemez: Kipr türklerine garşy adalatsyz üzňeleşdirme bes edilmeli, olaryň özygtyýarly deňligi hem-de deň halkara derejesi ykrar edilmelidir.

Umumy sebitimizde parahatçylygyň we özara ynamyň pugtalandyrylmagyna Türki Döwletleriň Guramasynyň artýan kuwwaty hem hyzmat eder. Hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy esas edinýän Guramamyz sebit hem-de dünýä derejesindäki durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goşant goşar.

Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we tehnologiýada uzak möhletli üstünliklere ýetmek üçin umumy erkimizi anyk netijelere öwürmelidiris. Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde duran esasy wezipe şudur. Doganlyk halklarymyzyň asudalygyna, abadançylygyna we ösüşine anyk peýda getirýän beýik maksatlarymyz amala aşdygyça, biziň hem güýjümiz artar.

Tüýs ýürekden ynanýaryn: XXI asyr «Türki dünýäsiniň asyry» bolar. Bu maksada alyp barýan täze gözýetimleri Ankara sammiti açar; şonuň bilen Guramamyzyň halkara giňişligindäki täsiri artar, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky raýdaşlyk has-da berkär. Biziň paýymyza düşýän iň uly borç bolsa asyrlar boýy ýüregimizde ýaşadyp gelen agzybirlik taglymymyzy baky galjak işler bilen dabaralandyrmak we ähli babatda has kuwwatly türki dünýäsini geljekki nesillere miras galdyrmakdyr.

Rejep Taýyp Ärdogan

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti