Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň plenar mejlisiniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, dünýäde durnukly ösüşi hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, halkara guramalaryň wekillerine ýüzlenip, forumyň oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş, şeýle hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini öz içine alýan giň mowzuklara eýe bolandygyny belläp geçdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň örän uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu başlangyç tötänleýin ädim däl-de, Türkmenistanyň köp ýyllyk parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň mynasyp dowamydyr.
«Dürli ýagdaýlara görä, dünýä çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy howplara garşy durmak üçin ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisligi, bitewüligi we ygrarlylygy öňküsinden has zerurdyr» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy beýan etdi.
Gahryman Arkadag ýeke-täk ählumumy kanunylygy bolan gurluş hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de dünýä bileleşigini BMG-niň Tertipnamasynyň anyk ýörelgelerine — deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga we döwletleriň özbaşdak işlerine gatyşmazlyga esaslanýan ýörelgelerine ygrarly bolmaga çagyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda geçirilen bu forum halkara howpsuzlygyň täze gurluşyny kemala getirmegiň ýollary barada gepleşikler üçin esasy meýdança boldy.
