11-nji dekabrda Aşgabatda Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagyň, Arkadagly Gahryman Serdaryň adyndan iberilen, dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlary tüýs ýürekden kabul etdiler. Şeýle sowgatlar Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalara hem gowşuryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygy dikeldilýän we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary bu ýerlerde guralan çärelere gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Soňra çagalara ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentiň, Milli Lideriň adyndan süýjülikler we dürli naz-nygmatlar sowgat hökmünde gowşuryldy. Gowşurylan nygmatlaryň hatarynda dürli miweler, gök-bakja, çörek we süýji-köke, şöhlat önümleri, miwe suwlary bar. Bagtyýar körpelerdir çagalar iberilen baýramçylyk sowgatlaryny uly ruhubelentlik we çäksiz hoşallyk bilen kabul etdiler. Olar datly sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýdymdyr tanslar, labyzly goşgular arkaly beýan etdiler.
Şanly toýlar mynasybetli belent sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanylmagy asylly we sogap işleriň biridir. Munuň özi jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
