11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bu ýerdäki döwrebap amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Köp gatly ýaşaýyş jaýynyň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan bezegler bilen bezelen meýdança Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet-sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze öýlere göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunlaryny belende göterdiler. Çagalaryň gülki sesleri bilen utgaşykly ýaňlanan ruhubelent çykyşlar Türkmenistanyň bagtyýarlygyň we abadançylygyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dost-doganlygyň mekanydygyny nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Täze öýleriň eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol pursatda asmana ak kepderiler uçuryldy. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazy bilen utgaşyklylykda parahatçylygyň, dost-doganlygyň we asudalygyň nyşany hasaplanylýan kepderileriň uçurylmagy ajaýyp baýramçylygyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň we her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň many-mazmuny bilen sazlaşýar.
