Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, maslahatyň geçirilýän binasynyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Ýurduň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly wakanyň hormatyna guralan sergide Türkmenistanyň geçen 30 ýylyň içinde daşary syýasatda ýeten derejesi, Gahryman Arkadagyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň milli gymmatlyklary mynasyp şöhlelendirilipdir.
Soňra maslahat öz işine başlady. Halkara maslahatyň başynda Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Soňra maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň çykyşlaryna uly orun berildi. Olar çykyşlarynda bu maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler. Maslahatda garaljak meseleleriň adamzat jemgyýeti üçin wajypdygyna ünsi çekdiler. Şeýle hem olar zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu babatda tagallalaryň birleşdirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar. Eneleriň we çagalaryň durmuş goraglylygyna üpjün etmek meseleleriniň wajyplygyna ünsi çekdiler.
Halkara maslahat soňra öz işini plenar mejlislerde dowam etdirdi.
Halkara maslahatyň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
