Turkmenportal logo
08.12.25
1570615706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Spotify» 2025-nji ýylyň iň meşhur aýdymçylarynyň sanawyny yglan etdi

 «Spotify Wrapped» neşiri 2025-nji ýylyň iň meşhur ýerine ýetirijisi hökmünde puerto-rikaly repçi Bad Bunnyny yglan etdi.

 Bad Bunny dördünji gezek bu sanawyň başyny çekmegi başardy. Ol öň 2020, 2021 we 2022-nji ýyllarda hem öňdäki orny eýeläpdi. 2025-nji ýylda onuň trekleri 19,8 milliard gezek diňlendi, bu bolsa oňa artistleriň ählumumy çartynda birinji ýere çykmaga mümkinçilik berdi diýip, «rbc.ru» ýazýar.

 «Spotify»-nyň wersiýasy boýunça tamamlanyň barýan ýylyň iň meşhur aýdymçylarynyň onlugyna şeýle hem Teýlor Swift, The Weeknd, Dreýk, Billi Aýliş, Kendrik Lamar, Bruno Mars, Ariana Grande, Arijit Singh we Fuerza Regida girdiler.