«Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentligi müşderilerine Russiýanyň ýüregi bolan — meşhur «Krasnaýa ploşad» meýdançasynda Täze ýyly garşy almak üçin özboluşly mümkinçilik hödürleýär. Baýramçylygy hakykatdanam ýatdan çykmajak derejede geçirmek isleýänler üçin kompaniýa uçar biletleriň bron edilmeginden başlap, wizalaryň resmileşdirilmegine çenli doly hyzmatlar toplumy bilen üpjün edýär.
Bu ýyl «Krasnaýa ploşad» meýdançasy Russiýanyň baş täze ýyl meýdançasyna öwrüler. Dekabr aýyndan ýanwar aýyna çenli bu ýerde adaty Roždestwo ýarmarkasy hereket edýär: bu çäräniň ähli ýerinde ýakymly agaçdan gurnalan çadyrlar, gyzgyn içgiler, sowgatlyklar we tutuş maşgala üçin güýmenjeler hödürlenýär . Myhmanlar baýramçylyk gurşawyndan lezzet alyp, bezeg çyralaryny synlap, elbetde, Täze ýyl gijesinde ýaňlanjak Spasskaýa diňiniň sagadynyň jaňynyň urgularynyň sesini eşidip bilerler.
«Biziň bilşimiz ýaly, başga ýurda syýahat gurnamak belli bir kynçylyklary döredip biler, aýratyn hem baýramçylyk möwsüminde bu şeýledir. Şonuň üçin biziň wezipämiz ähli resminamalar boýunça işleri öz üstümize almakdan ybarat. Biz uçar biletlerini satyn almagy, wizalaryň doly resmileşdirilmegini üpjün edýäris. Müşderilerimiz bolsa diňe baýramçylyga taýýarlyk görmeklige üns berip bilerler» — diýip, «Döwletli Çynar» kompaniýasynyň wekili nygtady.
Syýahatçylyk toplumy şulary öz içine alýar:
• Uçar biletleriň bron edilmegi we satyn alynmagy.
• Wizalaryň doly resmileşdirilmegi (maslahat berme, resminamalary toplamakda kömek bermek).
• Şäher merkezine ýakyn myhmanhanalara ýerleşmek boýunça maslahatlar.
• «Krasnaýa ploşad» meýdançasyndaky esasy çäreler boýunça maglumatlary we maslahatlary bermek.
«Täze ýyly «Krasnaýa ploşad» meýdançasynda garşylamak köp adam üçin hakyky arzuwdyr. Bu ýer taryhy bilen häzirki zaman baýramçylyk däpleriniň utgaşýan, aýratyn jadyly we energiýanyň joşýan mekanydyr. Biz müşderilerimize bu arzuwy ýeňil we amatly ýagdaýda amala aşyrmakda kömek etmäge şatdyrys» — diýip, kompaniýada bellediler.
«Krasnaýa ploşad» meýdançasyndaky ýarmarka dekabryň başyndan ýanwar aýynyň ortasyna çenli her gün işleýär. Myhmanlar adaty tagamlardan dadyp bilerler, elde nepis edilip taýýarlanan sowgatlary satyn alyp hem-de rus gyşynyň gurşawyna çümüp bilerler.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi 52A, «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
Telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85
Sosial ulgamlardaky sahypasy
«Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentligi — siziň ajaýyp dynç alyşyňyzy gurnamakda ygtybarly hyzmatdaşdyr!
