Usul Galyp häzirki wagtda ýurdumyzda gaplama senagatynda ulanylýan rotasion we tigel ştansformalary öndürýän ýeke-täk kärhana bolup galýar. Kärhana karton we kagyz önümlerini — pissa gutularyndan we kagyz haltalardan başlap dürli görnüşli karton gaplara çenli kesmek üçin senagat pyçaklaryny taýýarlamaga ýöriteleşendir. Galyň hem inçe materiallaryň takyk we arassa kesilmegi häzirki zaman önümçilik işiniň aýrylmaz bölegi bolup, kompaniýa kärhanalary zerur gurallar bilen üpjün edýär.

Usul Galyp kompaniýasynda inçe usul bilen taýýarlanan pyçaklar diňe bir taýýar önümiň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem önümçilik tapgyryny ep-esli çaltlandyrmaga hem ýardam edýär – diýip, belleýärler. Her bir gaplamanyň görnüşi üçin aýratyn gural formasy işlenip düzülýär, bu bolsa tehnologik talaplara iň ýokary derejede laýyklygy we takyklygy üpjün edýär. Mundan başga-da, kompaniýa müşderilere taýýarlyk tapgyryny ýeňilleşdirýän mugt dizaýn çyzgylaryny hem hödürleýär.

Usul Galyp kompaniýasynyň senagat pyçaklary ýokary hilli polatdan we berk garyndylardan öndürilýär, olar ýokary gyzgynlykda işlenýär we poslama garşy gorag örtügi bilen üpjün edilýär. Önümçilikde CNC tehnologiýasy ulanylýar, bu bolsa kesmegiň ýokary durnuklylygyny, takyklygyny we gaýtalanma derejesini üpjün edýär.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň we berk hil kadalarynyň berjaý edilmeginiň netijesinde Usul Galyp milli öndüriji hökmünde ornuny berkidýär we içerki gaplama bazarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Sosial ulgam sahypasy
Habarlaşmak üçin: +993 65 500222
