Türkmenistandan halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede tamamlanan Mersin şäher häkimliginiň IX Halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Ýaryş şweýsar ulgamynda dokuz tapgyrda geçirildi. Bäsleşiklere 19 ýurtdan 360 küştçi gatnaşdy we dört görnüşdäki baýraklar ugrunda bäsleşdiler.
Annaberdiýew (FIDE reýtingi – 2407) iň ýokary «A» görnüşinde ýeňiş gazandy. Bu baýragy eýelemek ugrunda 12 ýurtdan gelen takmynan 50 küştçi bäsleşdi. Oňa gatnaşanlaryň arasynda ýedi halkara grossmeýster, üç halkara ussat we 10 FIDE ussady bardy.
Türkmen küştçisi bäş ýeňiş gazandy we dört oýny deňme-deň tamamlap, jemi ýedi utuk toplady. Şol bir utugy Eýrandan halkara ussat Araş Tahbaz (reýtingi – 2468) hem toplady. Ýokarky orun goşmaça koeffisiýentleriň esasynda Annaberdiýewiň peýdasyna kesgitlenildi. Üçünji orny 6,5 utuk bilen eýranly halkara grossmeýster Arýan Golami (2468) eýeledi.
24-nji noýabrda Annaberdiýewiň 40 ýaşy dolýar. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde rapid boýunça bäsleşikde bürünç medal gazanypdy.
Geçen ýyl Budapeştde geçirilen 45-nji Dünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy «B» toparçasynda kiçi altyn medal gazandy. Şonda Annaberdiýew toparyň iň gowy netijesini görkezip, ikinji stolda mümkin bolan 11 utukdan 7-sini toplady.
Ýaryşda gazanan ýeňşi üçin türkmen grossmeýsteri 150 müň türk lirasy (takmynan 3,5 müň ABŞ dollary) möçberinde pul baýragyna mynasyp boldy.
