Dünýäniň iri şäherlerinde howanyň derejesi 1900-njy ýyllardan bäri adatdan daşary yssy günler sebäpli 25 göterim ýokarlandy. Londondan başlap, Tokio çenli adamlary ölüm howply ýokary temperaturadan goramak üçin gyssagly çäreleri görmek gerek diýip, «The Guardian» gazeti ýazýar.
Seljermeler howa krizisiniň ýitileşmegi netijesinde yssy günleriň Waşingtondan, Kolumbiýa okrugyndan, Madridden tä Tokio we Pekine çenli artandygyny görkezdi. Halkara daşky gurşaw we ösüş institutynyň (IIED) bahalandyrmalaryna laýyklykda, +35 °C derejeden ýokary bolan günleriň sany dünýäniň iň köp ilatly paýtagt şäherlerinde 1994—2003-nji ýyllarda ortaça ýylda 1062 güne, 2015—2024-nji ýyllarda 1335 güne çenli artypdyr. Ýagdaý Rimde, Pekinde, Manilada, Madridde, Londonda hem yssy ýa-da maýyl günleriň görnetin artýandygyny görkezýär diýlip, habarda bellenýär.
Gazylyp alynýan ýangyç sebäpli dörän ählumumy maýlama her yssy akymy has-da güýçli edýär. Soňky üç onýyllykda adatdan daşary yssy howa millionlarça adamyň tarpa-taýyn ölümine getirdi, şunda aýratyn-da gartaşan we çalt ösýän şäherlerde ýaşaýan garyp adamlar ejir çekdiler.
IIED guramasynyň bilermenleriniň hasaplamalaryna laýyklykda, ählumumy howa derejesi Hökümetleriň garaşyşyndan tiz ýokarlanýar, olar bolsa muňa haýal seslenýärler. Zerur uýgunlaşmalar bolmasa, şäherlileriň millionlarçasy şäher ýylylyk adasynyň täsiri sebäpli barha ýaramaz, hatda howply şertlere duçar bolarlar. Şunda hemmelerden beter ilatyň garyp gatlagy has ejir çeker diýlip, ady tutulan neşir nygtaýar.
