Turkish Airlines awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň sentýabr aýy boýunça Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň tertibini mälim etdi. Bu ýolagçylara iki ugur boýunça hem amatly wagtlarda uçmak üçin giň mümkinçilikleri berýär.
Stambuldan Aşgabada uçuşlar aşakdaky tertipde ýerine ýetiriler:
- TK 324: her gün sagat 01:10-da, Aşgabada gelýän wagty 06:55;
- TK 320: sişenbe, anna we ýekşenbe günleri sagat 14:20-de, gelýän wagty 20:05;
- TK 322: her gün sagat 20:15-de, gelýän wagty ertesi güni 02:00.
Aşgabatdan Stambula uçuşlar aşakdaky tertipde ýerine ýetiriler:
- TK 323: her gün sagat 03:20-de, Stambula gelýän wagty 05:30;
- TK 325: her gün sagat 08:15-de, Stambula gelýän wagty 10:30;
- TK 321: sişenbe, anna we ýekşenbe günleri sagat 21:25-de, gelýän wagty 23:40.
Turkish Airlines bilen syýahat edýän ýolagçylar ýokary derejeli rahatlyk bilen uçuşdan lezzet alyp bilerler. Uçuş wagtynda dürli filmler, sazlar bilen baýlaşdyrylan dynç alyş maksatnamalary elýeterlidir. Şol bir wagtyň özünde, awiakompaniýanyň mährem işgärleri ýolagçylara iň oňat hyzmaty hödürleýärler.
Biletler we goşmaça maglumatlary almak üçin Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Salgysy: G. Kulyýew köçesi, jaý 39, Ussat binasy.
Awiakompaniýanyň wekilleri bilen elektron poçta arkaly askabatbiletsatis@thy.com, telefonyň üsti bilen (+993 61) 01 44 33 ýa-da turkishairlines.com resmi saýt boýunça habarlaşyp bolýar.
