Turkmenportal
Düýn 11:19
68606860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astanada asmandan «pul ýagdy»
Astanada asmandan «pul ýagdy»
Surat: absatz.media

Astanada şäheriniň «Atlant» ýaşaýyş toplumynyň penjireleriniň birinden içi ýüz dollarlyk pullardan doly üç sany çemodany zyňdylar diýip, «Astana TV» teleýaýlymy habar berdi. Pullar howla dagady, emma ony adamlar ýygnamaga ýetişmediler, çägi hukuk goraýjylar gabady.

Sosial torlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wakanyň bolan ýerinden görnüşler peýda boldy. Olarda ýerde çaşyp ýatan kagyz pullar hem-de olaryň ýanyndaky hukuk goraýjylar görünýär.

Pullaryň hakykydygy ýa-da möçberi resmi kesgitlenmedi. Sosial torlarda wakany iri milli kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna garşy operatiw çäreler bilen baglaýarlar. Şol sanda çap edilen makalalarda bu waka «Samruk-Kazyna» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçysy Nurlan Žakupowyň hem-de «HK «KTŽ» paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Ýelžas Otynşiýewiň tussag astyna alynmagy bilen baglanyşdyrylýar.