Turkmenportal
Düýn 09:47
37733773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Müşderilere harydyny satyn almazlygy maslahat berýän satyjy sosial torlarda ýyldyz boldy
Müşderilere harydyny satyn almazlygy maslahat berýän satyjy sosial torlarda ýyldyz boldy
Surat: mir24.tv

Seuldaky bazarda geň iş usulynda söwda edýän telekeçi sosial torlarda ýyldyz boldy. Ol harydyny öwüp arşa çykarman, tersine, müşderilere olary satyn almazlygy maslahat berýär.

Erkek kişi 6,80 dollara şarf satýar. Emma şaýat bolanlaryň gürrüň bermegine görä, ol harydyny aljak bolan adamlara «Puluňyz biderek harçlamaň, bu şarf size gelşenok» diýýär. «Şarf satýan daýynyň» wideorolikleri dessine sosial torlarda ýörgünli boldy, adamlar Namdemun bazaryna ony görmek üçin ýörite gelýärler.

Gyzykly ýeri, şarf satyjy hakyky adyny gizlin saklaýar. Ýöne onuň sosial torda açan akkaunty millionlarça abunaçy toplady. Emma meşhurlygyň müşgül tarapy-da bolýar, sebäbi ol märekäniň üýşmegi sebäpli öz dükanyny birnäçe gezek ýapmaly boldy. Hatda bir gezek polisiýa kömek sorap ýüz tutdy. Noýabryň başynda adamlaryň nobatyna gözegçilik etmek üçin söwdagär hususy goragçy tutundy. Onsoňam ol dükanyny haçan açjakdygyny öňünden aýtmagyny bes etdi.

«Şarf satýan daýynyň» üstünligi beýleki söwdagärlere asla hoş ýakmaýar. Onuň gapdalyndaky dükanda aýakgap satýan erkek kişi işiniň asla şowlamaýandygyny gürrüň berýär. Müşderileriň öz dükanynyň öňüni gabaýandygy üçin ol ýeke aýakgap hem satyp bilenok diýip, «MIR 24» ýazýar.