Turkmenportal
12.11.2026
66256625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň koreý diasporasynyň taryhy ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda Türkmenistanyň koreý diasporasynyň taryhy ara alnyp maslahatlaşyldy

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäherinde «Koreýleriň Türkmenistanda mesgen tutmagynyň taryhy: durmuş we ýatlamalar» atly seminar geçirdi. Bu barada diplomatik wekilhanasyndan habar berildi.

Çäre 11-nji noýabrda «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlar bilen hyzmatdaşlyk» taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň koreý diasporasynyň wekilleri bilen bir hatarda, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Çže hem gatnaşdy.

Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, seminaryň dowamynda gatnaşyjylar diasporanyň wekilleri bilen bilelikde taryhy geçmişe nazar aýlap, öz ýatlamalary we durmuş wakalary bilen paýlaşdylar.

Ilçihanada bu duşuşygyň ýurtdaky koreý jemgyýeti üçin möhüm ähmiýetli waka bolandygy bellenildi.