Turkmenportal
12.11.2026
56855685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar gark bolan gämidäki sandygy 400 ýyldan soňra açdylar
Alymlar gark bolan gämidäki sandygy 400 ýyldan soňra açdylar
Surat: uza.uz

Kardiff uniwersitetiniň Uels muzeýiniň hünärmenleri 1583-nji ýylda gark bolan gämiden tapylan sandygyň latun kodly gulpuny açdylar. Bu barada uniwersitetiniň saýtyna salgylanýan «uza.uz» habar berdi.

Gulpuň sanly kody ANCE harplaryndan ybarat bolup çykdy. Alym Dewid Uilýams içki enjamyň üçölçegli şekilini düzüp, tegeleklerdäki nyşanlar bilen deşikleri deňeşdirdi.

Sandygy Ispaniýa dolanyp gelýärkä, 1583-nji ýylyň 28-nji dekabrynda agşam gark bolan «Ann Francis» söwda gämisinden tapdylar. Ilkibaşda gulp gymmatlyklar salnan kiçeňräk sandygy ýapýandyr öýtdüler. Sebäbi onuň ýanyndan kümüş ispan şaýylyklary we çeküw daşjagazlary tapyldy.

Tapyndyny Suonsiniň Milli muzeýinde sergilediler. «Tides of Treasure» sergisi 2027-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder.