Turkmenportal
11.11.2026
1337313373
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«IT NOKADY» noldan «Word», «Excel» we «PowerPoint» bilen işlemek boýunça okuwlara kabul edişlik yglan etdi
«IT NOKADY» noldan «Word», «Excel» we «PowerPoint» bilen işlemek boýunça okuwlara kabul edişlik yglan etdi

«IT NOKADY» halkara IT-Akademiýasy 12 ýaşdan uly okuwçylar üçin «Kompyuter sowatlylygy» okuwyna kabul edişlik yglan etdi. Sapaklar 23-nji noýabrda başlanýar, maksatnama noldan orta derejä çenli okatmaga niýetlenip, şahsy kompýuter bilen işlemegiň esaslaryny, şeýle hem «Microsoft Word», «Excel» we «PowerPoint» gurallaryny öz içine alýar. 

«IT NOKADY» merkezinde geçirilýän okuwlarda bilimleri amalyýetde ulanmaga aýratyn üns berilýär. Okuwçylar resminamalary döretmegi we bezemegi, tablisalar we maglumatlar bilen işlemegi, tanyşdyryşlary (prezentasiýalary) taýýarlamagy, şeýle hem kompýuteri okuw we gündelik meseleleri çözmek üçin ulanmagy öwrenerler.

Halkara IT-Akademiýasynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde kompýuterden ynamly peýdalanmak başarnygy bilimiň, hünär taýdan ösüşiň we gündelik durmuşyň möhüm bölegine öwrüldi. Sanly tehnologiýalar ähli pudaklarda işjeň ulanylýar, şol sebäpli kompýuter sowatlylygy zerur endikleriň biridir.

Kompýuter sowatlylygy – bu häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmek üçin möhüm binýatdyr. Öwrenilen bilimler okuwçylara sanly enjamlaryň has özbaşdak we ynamly peýdalanyjylary bolmaga ýardam berer» diýip, «IT NOKADY» merkezinde belleýärler.

Sapaklar 23-nji noýabrda başlanýar. 

Okuwçylaryň ýaşy: 12 ýaşdan uly.

Giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: +993 (63) 47-11-92, +993 (63) 42-67-51.