Turkmenportal
11.11.2026
85888588
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NYP: Zekeraýa Ak tamyň metbugat kätibi wezipesine dolanmak isleýär
NYP: Zekeraýa Ak tamyň metbugat kätibi wezipesine dolanmak isleýär
Surat: ria.ru

Ak tamyň öňki metbugat kätibi, bu wezipede bary-ýogy bäş gün işlän Keýti Zekeraýa bu wezipä gaýtadan dolanmak isleýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentine golaý çeşmelere salgylanýan «New York Post» (NYP) gazeti habar berdi.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Zekeraýa häzir amerikan lideriniň we Ak tamyň edarasynyň täze başlygy Stiwen Milleriň ünsüni çekmek hem-de ýene bir synanyşyk üçin yhlas edýär. Galyberse-de, ony geçen ýekşenbede Trampyň Mar-a-Lagodaky kabulhanasynda görüpdirler.

Ak Tamyň metbugat kätibiniň wezipesi 16-njy oktýabrdan, ýagny Tramp Zekeraýa işden gitmegi maslahat bereninden bäri boş dur diýip, TASS ýazýar.

«Ria.ru» öz gezeginde bu habar çap edileninden yzysüre Zekeraýanyň: «Men bu wezipä dalaş edemok. Prezident Tramp döwründäki metbugat kätibi wezipesine gaýdyp barmakçy bolýandygym baradaky habar düýbünden toslama» diýip, X sosial torda ýazandygyny habar berdi.