Turkmenportal
Şu gün 14:10
31283128
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Iş Nokady» italýan, iňlis, hytaý, ispan, ýapon we nemes dillerini öwrenmäge çagyrýar
«Iş Nokady» italýan, iňlis, hytaý, ispan, ýapon we nemes dillerini öwrenmäge çagyrýar

«Iş Nokady» bilim merkezi çagalar, ýaşlar we uly ýaşlylar üçin daşary ýurt dilleri boýunça kurslary hödürleýär. Maksatnamada alty dil bar: italýan, iňlis, hytaý, ispan, ýapon we nemes dilleri. Merkezde belleýişleri ýaly, sapaklar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda kiçi toparlarda geçirilýär hem-de gürleşmek endiklerini ösdürmäge we okuwçylaryň anyk maksatlaryna ýetmegine gönükdirilendir.

«Iş Nokady» merkezinde dili öwrenmegiň hususy çemeleşmä, häzirki zaman usulyýetlerine we ýokary hilli aragatnaşyga esaslanýandygy nygtaýarlar. Guramaçylaryň pikiriçe, bu her bir okuwçy üçin öz mümkinçiliklerini açmaga hem-de okuwy gyzykly we netijeli guramaga ýardam berýär. Ähli kurslardaky toparlar uly däl, 6-8 adamdan ybaratdyr.

Italýan dili

Merkezde italýan dilini sungatyň, modanyň we ajaýyp ýaşaýşyň dili diýip atlandyrýarlar. Mugallymlar sertifikatlaşdyrylan we her ýyl Italiýanyň uniwersitetlerinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýarlar. Okuwçylara Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerine we dil kurslaryna girmäge ýardam bermek, şeýle hem ýerinde uýgunlaşmaga kömek etmek wada berilýär.

Iňlis dili (BE, SpC)

Iňlis dili dil gurşawyna doly aralaşmak arkaly gürleşmek usulynda okadylýar: sapaklar diňe iňlis dilinde geçirilýär. Uly ýaşlylar üçin gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegi we pikirleri paýlaşmagy öz içine alýan «Business English» kursy göz öňünde tutulandyr. Ýaşlar bolsa döwrebap mowzuklar boýunça «Speaking Club» toparyna çagyrylýar.

Hytaý dili

Guramaçylar hytaý dilini geljek üçin strategiki maýa goýum diýip atlandyrýarlar. Kurslar çagalar we uly ýaşlylar üçin niýetlenendir. Mugallymlaryň bellemeklerine görä, maksatnamanyň aýratynlygy «hytaý dili iňlis dili arkaly» diýen awtorlyk usulyndadyr: munuň özi şol bir wagtda iňlis dilini hem gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Merkezde HSK1-HSK4 derejelerini 10 aýyň dowamynda geçmegi teklip edýärler.

Ispan dili

Aşgabatda ispan dilini uly ýaşlylar we ýaşlar öwrenip bilerler. Sapaklary okuwçylary Ispaniýanyň medeniýeti bilen hem tanyşdyrýan mugallym alyp barýar. Merkezde janly aragatnaşyga, hakyky wagtda söhbetdeşlige, şeýle hem ýalňyşlyklardan gorkman erkin gepleşip boljak gurşawy döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýapon dili

Ýapon dili çagalara we uly ýaşlylara Ýaponiýanyň medeniýetine aralaşmak üçin hödürlenilýär. Okuwçylar ýazuwyň üç görnüşini yzygiderli özleşdirýärler: hiragana, katakana we kandzi. Maksatnama JLPT halkara synagyna taýýarlygy öz içine alýar. Toparlaýyn sapaklardan başga-da, aýratynlykda sapaklar hem elýeterlidir.

Nemes dili

Merkezde nemes dilini bilimiň, hünäriň we Ýewropanyň dili diýip atlandyrýarlar. Maksatnama dowamly gürleşmek amalyýetini we «Goethe-Zertifikat» synaglaryna taýýarlygy göz öňünde tutýar. Guramaçylar sapaklaryň amatly tertibini we ýakymly gurşawy aýratyn belleýärler.

Ýazylmak we maslahat almak üçin: +993 63 48-53-80, +993 63 42-17-05.

Salgysy: «Arkaç» işewürlik merkezi.

Sosial ulgamdaky sahypasy.