Turkmenportal
Şu gün 11:47
64876487
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin işgär gözleýär
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin işgär gözleýär

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin boş iş ornunyň bardygyny habar berdi. 2027-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çaga seretmek üçin berilýän rugsat döwründe işde bolmajak kärdeşiniň ornuny wagtlaýyn eýelemek üçin işgär kabul edilýär.

Wezipesi boýunça esasy borçlar şulardan ybarat:

  • ilçihana gelýän raýatlary kabul etmek (nemes, türkmen we rus dillerini bilmek hökmandyr);

  • wiza almak üçin tabşyrylýan arzalary kabul etmek we olary işlemek;

  • arza berijiler bilen hat alyşmak we telefon arkaly gepleşikleri geçirmek;

  • wiza resminamalaryny arhiwleşdirmek.

Resminamalar 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Boş iş orny we dalaşgärlere bildirilýän talaplar baradaky giňişleýin maglumat ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilendir.