Turkmenportal
Şu gün 10:07
952952
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara-hukuk meseleleri boýunça türkmen-belarus DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Halkara-hukuk meseleleri boýunça türkmen-belarus DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Surat: Surat: newscentralasia.net

Minskde Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda halkara-hukuk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Bu barada Belarusuň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Belarus wekiliýetine DIM-iň Baş şertnama-hukuk müdirliginiň başlygy Andreý Popkow, türkmen wekiliýetine bolsa DIM-iň Şertnama-hukuk departamentiniň başlygy Eziz Nazarow ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmelere gatnaşyjylar türkmen-belarus gatnaşyklarynda güýje giren ikitaraplaýyn halkara şertnamalarynyň we beýleki halkara resminamalarynyň sanawlaryny deňeşdirdiler, şeýle hem olaryň durmuşa geçiriliş tejribesi we täze halkara-hukuk resminamalarynyň taslamalarynyň üstünde alnyp barylýan işler barada maglumat alyşdylar.

Taraplar halkara şertnamalarynyň hakyky nusgalaryny saklamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki halkara-hukuk meselelerine garadylar. Geňeşmeleriň netijesinde jemleýji teswirnama gol çekildi.