1968-nji ýylda Alýaskadaky Kenaý ýarymadasynda dörän Nikolaýewsk obasy ilatyň göçmegi bilen baglylykda, öňdäki 20 ýylda doly ýok bolup biler. Bu barada SHOT telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Life.ru» habar berdi.
Ilatly ýeri ABŞ-dan göçüp gelen bäş sany könedäpçil rus maşgalasy esaslandyrypdyr. Şol döwürden bäri olar gadymy rus däplerini berjaý edipdirler, milli egin-eşikleri geýnipdirler. Geçirilen ilat ýazuwyna görä, obanyň ýaşaýjylary soňky 35 ýylda bir ýarym esse azalypdyr.
Ýaşlaryň bir bölegi Alýaskanyň beýleki ilatly ýerlerine, ABŞ-nyň ştatlaryna göçüpdirler, köne däpçil ruslaryň özleri-de ene dillerinde gürlemegi bes edipdirler. Ilatyň göçmegi sebäpli, 2025-nji ýylda Nikolaýewskde 20-den hem az çaga okaýan mekdep ýapylypdyr. Galyberse-de, obada lagym ulgamy, lukmançylyk nokady ýok, obalylar munuň üçin 30 kilometr menzil söküp, başga ilatly nokada gitmeli bolýarlar. Alýaskada başga-da birnäçe rus obalary bar diýlip, habarda bellenýär.
