Turkmenportal
Şu gün 09:47
723723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabat himiýa zawodynyň önümçilik kuwwaty artýar
Türkmenabat himiýa zawodynyň önümçilik kuwwaty artýar

Türkmenabatdaky himiýa zawody häzirki wagtda fosforly dökünleriň önümçiligine ýöriteleşen möhüm kärhanalaryň biri bolup, 30-dan gowrak görnüşli önüm öndürýär. Mineral dökünler bilen bir hatarda, tehniki kükürt kislotasy, suwy arassalamakda ulanylýan koagulýant, polimer önümleri we beýleki himiýa serişdeleri... bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň gerimini aýdyň görkezýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu ýerde geçen ýylda öndürilen mineral dökünleriň umumy mukdary 150 müň tonnadan hem geçdi. 2026-njy ýylyň dokuz aýynda öndürilen mineral dökün 100 müň tonnadan geçdi.

Zawodda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde alnyp barylýan ylmy barlaglar topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga, onuň düzümini gowulandyrmaga gönükdirilen serişdeleri döretmegi hem maksat edinýär. Bu işler önümçiligiň diňe möçber taýdan däl, eýsem, hil we ylmy taýdan hem ösdürilýändigini tassyklaýar.

Zawodyň çäginde täze mineral dökünler toplumynyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi şu ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, onuň gurluşygyna mundan bir ýyl ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow ak pata beripdi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýan bu iri gurluşyk Türkmenabatda senagat infrastrukturasyny ösdürmekde, ýurtda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döretmekde möhüm ädimdir. Täze toplum işe girizilenden soň, onda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndürmek göz öňünde tutulýar.